Futbol boýunça ýygyndy toparymyzyň CAFA-nyň çempionatyndaky oýunlarynyň wagty kesgitlendi

SalamNews

31 Maý, 2023

10 ― 20-nji iýun aralygynda Daşkent we Bişkek şäherlerinde geçiriljek CAFA Nations Cup — 2023 ýaryşynyň duşuşyklarynyň başlanjak wagty kesgitlendi.

Şeýlelikde, bäsleşige «A» toparçadan başlajak Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Özbegistanyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen duşuşar. Toparçanyň oýunlary Özbegistanyň Daşkent şäherinde guralar.

Mergen Orazowyň tälimçiligindäki türkmen ýygyndysynyň birinji oýny 11-nji iýunda Täjigistanyň ýygyndysynyň garşysyna bolar. «Pahtakor» stadionynda guraljak duşuşyga Aşgabat wagty bilen 18:30-da badalga berler. 14-nji iýunda ildeşlerimiziň ikinji duşuşygy geçer. Şol gün türkmen ýygyndysy Aşgabat wagty bilen 20:30-da «Bunýodkor» stadionynda Özbegistanyň ýygyndysynyň garşysyna çykar. 17-nji iýunda bolsa ýygyndy toparymyzyň toparçadaky jemleýji oýny geçiriler. «Pahtakor» stadionynda boljak oýunda ildeşlerimiz Omanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Oýna 20:30-da badalga berler.

Öz toparçalarynda birinji orny eýelän ýygyndylar çempionatyň finalynda duşuşmaga hukuk gazanarlar. Ikinji basgançakda ýerleşen ýygyndylar bolsa üçünji orun ugrundaky oýunda duşuşarlar.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews