Guşakly göreş boýunça türkmen ýygyndysy Aziýa çempionatyny 28 medal bilen jemledi

SalamNews

Türkmen pälwanlary Özbegistanyň Jizak şäherinde geçýän guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatynyň ahyrky gününde 10 medala eýe boldular.

Biz ozal alyş göreşiniň nusgawy usuly, erkin görnüşi hem-de bilbagly göreşi boýunça gazanylan netijeler hakyndaky habarlarymyzy okyjylarymyz bilen paýlaşypdyk.

Ahyrky medallar gazak göreşi boýunça gazanyldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Gülruh Baýramgeldiýewa (48 kg), Jemal Öwülýakulyýewa (70 kg), Aýnur Faýzullaýewa (77 kg) hem-de Bahtiýar Bazarow (100 kg) dagy ýygyndy toparymyza bürünç medallary getirdi. Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Wepa Awlýakulyýew (55 kg) we  Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň dzýudo göreşi boýunça tälimçi-mugallymy Şatlyk Jumaniýazow (66 kg) hem hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar. Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Işanmyrat Ataýew (90 kg), Türkmenabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jeren Taganowa (52 kg), Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Zarina Abdyrahmanowa (56 kg), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Kamila Pardaýewa (60 kg) hem öz agramlarynda gazanan bürünç medallary bilen begendirdiler.  

Türkmen ýygyndysy Aziýa çempionatyny 28 medal bilen jemledi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews