Jennetiň ysyna deňelýän bäbegiň ysynyň ajaýyplygynyň syry nämede?

SalamNews

23 Mart, 2023

Eger-de size ömrüňizde iň bolmanda bir gezek bäbegiň ysyny almak nesip eden bolsa, onda siz ol ysy dünýädäki başga hiç bir ys bilen gatyşdyrmarsyzyňyz. Türkmençilikde täze dünýä inen bäbegiň ysy jennetiň ysyna deňelýär. Edil şonuň ýaly, beýleki halklarda hem bu ajaýyp ys iňňän söýülýär we oňa «söýginiň, päkligiň, süýjüligiň ysy» diýlen ýaly atlar berilýär.

Elbetde, enäniň öz bäbeginiň ysyna bolan söýgüsini onuň ýüregindäki joşup duran enelik mähri bilen düşündirip bolar. Emma entek ene bolmadyk zenanlaryň bäbegiň ysyna maýyl bolup, ony gaýta-gaýta ysgaýyşlaryny näme diýip düşündirersiň?! Ine, birnäçe ýyl mundan öň kanadaly alymlar hem hut şu sorag üçin kelle döwüp, degişli barlaglary geçirmegi ýüreklerine düwdüler. Barlag geçirildi. Barlagyň netijeli geçmegi üçin, oňa ene bolup gören we entek ene bolmak bagty miýesser etmedik zenanlar deň derejede gatnaşdyryldy.

Barlagyň dowamynda zenanlara dünýä inenine ýaňy iki gün bolan bäbekleriň eşijeklerini ysgamaga rugsat berildi we ys alýan wagtlarynda olaryň beýnisinde bolup geçýän ýagdaý jikme-jik öwrenildi. Barlagyň netijesi, hatda alymlaryň özlerini hem geň galdyrdy: bäbegiň ysy zenanlaryň gyradeň ählisinde «bagt gormony» diýlip atlandyrylýan dopaminiň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Diňe öz ene-atasyna däl, eýsem düýbünden nätanyş adamlara hem şeýle güýçli täsir edip bilýän bäbegiň ajaýyp ysynyň syry nämede?! Bu soraga bolsa kwars şarlaryny ulanyp, täze doglan bäbekleriň yslaryny ýygnan ýapon alymlary kanagatlanarly jogap tapmagy başardylar.

Şeýdip, bäbegiň täsin ysy baradaky syr aýan boldy. Ýapon alymlary öz tejribeleri arkaly her bir çaganyň köp mukdary aldegidlerden ybarat bolan özboluşly ysynyň bardygyny subut etdiler. Bu «jadyly» ysyň düzüminde geptanal (ýaşyl notalar), oktanal (sitrus miweleri) we karbon kislotalary (ýaşyl otuň ysyny getirýän geksan we bägüliň ysyny ýatladýan nonan kislotasy) bar.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, fransuz parfýumeri Silwen Delakur bäbegiň ysyna çalymdaş ysly «Dovana» atly atyry hem döredipdi. Emma, hiç bir ýasama zadyň tebigy zada taý gelip bilmeýşi dek, bu atyr hem zenanlarda bäbegiň öz jenneti ysy ýaly beýhuş ediji maýyllygyny döredip bilmeýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews