Könäniň hem täzäniň gowy taraplaryny jemleýän smartfon

SalamNews

4 Iyul, 2022

«Samsung» kompaniýasy köneçil usulda batareýasyny aýryp bolýan smartfon görnüşini çykarar. «MyDrivers» portalynyň habar bermegine görä, «Galaxy XCover 6 Pro» diýlip atlandyrylýan täze smartfonyň aýryp bolýan goşmaça batareýi bolar.

Şeýlelikde, täze smartfonyň zarýady gutaran ýagdaýynda, onuň batareýasyny çalşyp ulanmak bolar. Özi-de bu smartfonlar suwa we tozana durnukly bolar. Aragatnaşygyň «5G» ulgamy ornaşdyrylan «Galaxy XCover 6 Pro-da» 50 megapiksellik esasy kamera we 13 megapiksellik frontal kamera oturdylandyr. Operatiw ýady 6 gigabaýt, hemişelik ýady bolsa 128 gigabaýt bolan smartfonyň batareýalarynyň kuwwaty 4050 mAh deňdir.

Köne usully täzeçil işlenen «Galaxy XCover 6 Pro» smartfonlaryny 13-nji iýulda satuwa goýbermek meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews