Smasung Galaxy Watch X 100 sagatlap zarýad almazdan işläp biler

SalamNews

1 Iýun, 2024

«Samsung»-yň abraýly maglumatçylaryna salgylanyp, «Techmaniacs» neşiri şu tomusky «Samsung Unpacked» çäresinde nämä garaşmalydygyny jikme-jik habar berdi.

Samsung Galaxy Unpacked dabarasy, ozal habar berlişi ýaly 10-njy iýunda däl-de, 24-nji iýunda bolar. Samsung şu ýyl Olimpiýa oýunlarynyň esasy hemaýatkäri bolar we täze enjamlary tanatmak üçin ondan peýdalanmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa Olimpiýa oýunlary başlamazyndan iki gün öň täze enjamlary yglan etmegiň iň gowy çözgüt boljakdygyna karar berdi.

Samsung-yň berk dizaýny bolan premium sagat «Galaxy Watch X» -iň çykarylmagyna garaşylýar. Täze model suw geçirmeýän we suwa çümmek üçin amatly bolar, şeýle hem batareýanyň ömri 100 sagada çenli artar. «Apple Watch Ultra» bilen bäsleşjek bu sagadyň bahasy öňki modellerden ep-esli ýokary bolar.

Şeýle hem, kompaniýanyň dünýä derejesinde çykarmaga entek taýyn dälligine garamazdan, käbir Ýewropa ýurtlarynda peýda bolup biljek, täze Samsung halkasynyň, «Unpacked» çäresinde yglan edilmegi hem mümkin.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews