Türkmen wekiliýeti Çolpan-Atada geçjek sambo boýunça Dünýä kubogyna gatnaşar

SalamNews

18 Awgust, 2023

22-23-nji awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde sambo boýunça Dünýä kubogy geçer.

Erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçjek ýaryşa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar. Ýaryşa gatnaşmak üçin Yssyk-Kölde  boljak türkmen wekiliýetine 27 adamyň wekilçilik etmegine garaşylýar. Şolaryň üçüsi tälimçilerdir. Bu ýerde türkmen türgenleriniň 24-siniň kubok ugrunda göreş düşekçesinde çykmagyna garaşylýar.

Milli wekiliýet 19 — 24-nji awgust aralygynda Gyrgyz Respublikasynda bolar. «Gazprom» sport toplumynda geçjek sport we söweş sambosy boýunça ýaryşlaryň her biri erkekleriň arasynda agramlaryň ýedisi boýunça ýaýbaňlandyrylar. Zenanlaryň sport sambosy boýunça ýaryşy 7, söweş sambosyndan guraljak bäsleşikleri 3 agramda Dünýä kubogynyň eýelerini kesgitlär.

Şondan soň bu ýerde eminleriň halkara seminary geçer.

Çeşmeleriň käbirinde Dünýä kubogynyň öňüsyrasynda — 19-20-nji awgustda hem Çolpan-Atada halkara ýaryşynyň ýaýbaňlandyryljakdygy beýan edilýär. Munuň özi türgenler üçin ýaryşyň bosagasyndaky synag bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews