Afrikada ýylyň futbolçysy baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi

SalamNews

18 Noýabr, 2023

Afrikada ýylyň futbolçysy baýragy ugrunda dalaşgärleriň final sanawy mälim edildi. 2023-nji ýylyň iň öňe saýlanan afrikaly futbolçysy sanawa alnan 10 futbolçynyň arasyndan saýlanar.

Riýad Mahrez (Alžir, «Mançester Siti»/«Al-Ahli»), Andre-Frank Zambo-Angissa (Kamerun, «Napoli»), Wensan Abubakar (Kamerun, «Beşiktaş»), Mohamed Salah (Müsür, «Liwerpul»), Aşraf Hakimi (Marokko, «PSŽ»), Sofýan Amrabat (Marokko, «Fiorentina»/«Mançester Ýunaýted»), Ýassin Bunu (Marokko, «Sewilýa»/«Al-Hilal»), Ýussef En-Nesiri (Marokko, «Sewilýa»), Wiktor Osimhen (Nigeriýa, «Napoli»), Sado Mane (Senegal, «Bawariýa»/«Al-Nasr») dagy final sanawyna adyny ýazdyran futbolçylar boldy.

Baýragyň faworiti hökmünde «Napoliniň» 33 ýyldan soň gazanan çempionlygyna uly goşant goşan Osimheniň, şeýle-de, «Liwerpulyň» ýyldyzy Salahyň, Marokkonyň Dünýä Kubogynda ýarym finala çykmagyna esasy ýardam beren derwezeçi Bununyň atlary öňe çykarylýar. «Mançester Sitiniň» 3 kubogyna goşant goşan Mahrez hem beýleki esasy dalaşgär hasaplanýar. Başga-da birnäçe baýraklar bilen CAF (Afrika futbol konfederasiýasy) tarapyndan berilýän Afrikada ýylyň futbolçysy baýragynyň ýeňijileri 11-nji dekabrda Marokkonyň Marrakeş şäherinde geçiriljek dabarada belli bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews