Türkmenistan şu ýylyň başyndan bäri 90 müň tonna pomidory eksport etdi

SalamNews

16 Oktýabr, 2023

Ýyladyşhana pomidorlary Türkmenistanda eksport edilýän önümleriň iň esasylarynyň biridir. Şu ýylyň başyndan bäri önümiň 90 müň tonnadan gowragynyň eksport edilmegi bu ugurda rekord görkeziji hökmünde bellige alyndy. Maglumatlar 2022-nji ýylyň degişli döwründe bu görkezijiniň 80 müň tonna deň bolandygyny görkezýär. Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň hem-de BAE-niň türkmen pomidorynyň esasy alyjylary bolup durýandygyny bolsa «NCA» gazeti habar berýär.  

Ýyladyşhana pomidorlarynyň uly bölegi daýhanlara döwlet tarapyndan 99 ýyllyk möhlet bilen berlen ýer böleklerinde ýetişdirildi. Bu hünki gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 270 agzasy 2187 gektar ýer böleginden peýdalanýarlar. Şol ýer bölekleriniň 916 gektardan gowragynda ýyladyşhanalar guruldy. Bu görkezijiniň 868 gektarynda bolsa pomidor ösdürilip ýetişdirilýär.

Agroişewürleriň 188-si eýýäm ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisinde hem oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek işini ýola goýdular.  

Bu ýerde gürrüň diňe oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek üçin ýer böleklerini 99 ýyllyk kärendesine alan telekeçileriň işi barada barýar. Olar şol önümleriň bellenen görnüşlerini we mukdaryny köpeltmek şertlerinde ýer böleklerinden mugt peýdalanýarlar we birleşigiň aýratyn agzalarynyň sanawyna girýärler.  

Pomidordan başga-da, hyýar, süýji burç, banan, sitrus hem-de ýer tudanasy ýetişdirilýär. Galyberse-de, ýyladyşhanalaryň ýene 153-siniň gurluşygy dowam edýär.  

 13 000 gektardan gowrak ýer bölegini miweli agaçlar we üzümçilik eýeläp, şonuň 10 000-si damjalaýyn suwaryş ulgamy bilen üpjün edildi. Bu ýerde erik, alma, armyt, şetdaly, ülje we şetdaly ýaly miweler ösdürilip ýetişdirilýär.

Şu ýyl dürli miweleriň umumy hasylynyň mukdary 70 000 tonnadan geçdi.

Alma agaçlarynyň oturdylyşyny iň köpçülikleýin ekiş hökmünde häsiýetlendirmek bolar. 2023-nji ýylda şolardan alnan hasylyň ortaça mukdary her gektardan 25 tonna barabar bolsa, şu ýylyň maýyndan bäri dürli görnüşli alma hasyly 16 000 tonnadan geçdi.  

Maldarçylyk hem uly ösüşe eýe bolýar. Häzir ýurdumyzda iri we ownuk mallary, şeýle-de düýeleri ýetişdirmek üçin niýetlenen maldarçylyk toplumlarynyň 46-sy guruldy. Şeýle toplumlaryň ýene 57-siniň gurluşygy dowam edýär, 16-synyň bolsa heniz taslamasy taýýarlanylýar.  

Türkmenistanyň oba hojalygynda ileri tutulýan ugurlaryň ýene biri hem guşçulykdyr. Ýurdumyzda towuklary, hindi towuklaryny, ördekleri we gazlary, şeýle-de et hem-de ýumurtga üçin bedeneleri köpeltmek bilen meşgullanýan guşçulyk hojalyklarynyň 74-si bar.    

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde işlerini uzak möhletli tölegsiz şertlerde alyp barýan bedene fermalarynyň üçüsi bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi türkmen telekeçilerine eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmaga hem ýakyndan ýardam edýär. Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda birleşmäniň eksport meseleleri bilen meşgullanýan täze bölümi döredildi. Bölüm Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän önümleriň eksport işini guramak maksady bilen esaslandyryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews