«Russiýanyň Demir Ýollarynyň» ýük daşamak boýunça arzanladyşlaryny 2024-nji ýylda hem dowam eder

SalamNews

«Russiýanyň Demir Ýollary» (RDÝ) halkara ýük daşamalaryny höweslendirmek üçin döredilen syýasatyň bir bölegi hökmünde dürli ýükleri daşamak boýunça arzanladyşlaryň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli uzaldylandygyny yglan etdi.

«Russiýanyň Demir Ýollary» müdirliginiň esasy kararlaryndan biri hem Russiýa bilen Gazagystanyň serhet geçelgelerinden eksport-import konteýner daşamak amallaryny 20 göterim arzanlatmak bolupdy. Bu başlangyjyň Gazagystan bilen Türkmenistany birikdirýän Bolaşak – Serhetýaka serhet geçelgesinden harytlaryň geçirilmeginde hem möhüm mazmuny bilen tapawutlanýandygyny bellemelidiris. Bu ýol «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasynyň bir bölegidir we sebitdäki söwda we ýük üstaşyr geçişi üçin strategiki ähmiýete eýedir.

Beýleki möhüm üýtgeşmeler bolsa Täjigistandan we Özbegistandan Merkezi Aziýanyň üsti bilen dürli sebitlere iberilýän miwe we gök önüm ýükleriniň importy üçin 50 % arzanladyşyň saklanyp galmagyny öz içine alýar. Şeýle hem, Kanisaý serhet stansiýasyndan Selyatino (Podmoskowýe) – Sergeli (Özbegistan) ugrundaky sowadyjy gaplarda önümleri daşamak üçin bellenen 20,4% arzanladyş dowam etdiriler. Ozinki stansiýasynyň üsti bilen Selyatino - Jizak ýolunda hem arzanladyşyň möhleti uzaldyldy.

«Russiýanyň Demir Ýollary» tarapyndan tassyklanan bu çözgüdiň baş maksady strategiki ulag geçelgeleriniň çäginde halkara ýük gatnawlaryny höweslendirmekden we güýçlendirmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm mazmuna eýedir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews