Türkmenistanyň ýolbaşçylary Malaýziýanyň Milli güni bilen gutladylar

SalamNews

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

— Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris — diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de bu gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Anwar Ibrahime hem-de XVI Ýokary Baştutan Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews