Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan «Christmas» atly kitap ýarmarkasy guralýar

SalamNews

15 Dekabr, 2023

Täze ýyl baýramy mynasybetli Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Christmas» atly kitap ýarmarkasyny guraýar. Kitap ýarmarkasy 23-nji dekabrda geçirilýär.

Bu çärä gatnaşýan myhmanlar Ýewropanyň «Christmas» aýdymlarynyň ýaňlanýan we lezzetli naharlarynyň hödürlenilýän ýakymly gurşawynda gyzykly wagt geçirip, şeýle hem «Ýagşylyk ediň» atly haýyr-sahawat guramasyna goldaw berip bilerler.

Kitap ýarmarkasy sagat 15:00-da başlanýar.

Salgysy: Jelaleddin Rumy köç., jaý 46 (öňki Andijanskaýa köç.)

Bu çärä gatnaşmak üçin şu aşakdaky elektron salgy boýunça öňünden bellige aldyrmak hökmandyr.

https://taplink.cc/eu4turkmenistan

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews