Rus tennisçisi Andreý Rublýow ATP-niň Gonkongda geçen ýaryşynyň ýeňijisi boldy

SalamNews

8 Ýanwar, 2024

Russiýaly tennisçi Andreý Rublýow Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) ýaryşynyň finalynda fin türgenini — Emilýa Ruuswuori ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Gonkongda geçirildi.

Oýun 26 ýaşly rus tennisçisiniň 6:4, 6:4 hasabyndaky ýeňşi bilen jemlendi.

Rublýow ATP-niň reýtinginde bäşinji basgançagy eýeleýär. Ol assosiasiýanyň ýekelikdäki ýaryşlarynyň  14-sinde, jübütlikdäki bäsleşikleriniň 4-sinde ýeňiş gazandy. 2021-nji ýylda bolsa Anastasiýa Pawlýuçenkowa bilen garyşyk jübütlikde olimpiýa çempiony boldy. Ol Russiýanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde Dewisiň Kubogyny hem-de ATP-niň Kubogyny eýeledi.  

Onuň garşydaşy Ruusuwuori — 24 ýaşynda. Fin tennisçisi dünýäniň 69-njy raketkasydyr.

Andreý Rublýow Gonkongda geçen ýaryşyň ýarymfinalynda hytaýly Szýunçenýa Şany ýeňmegi başarypdy. Şol oýun 4:6, 6:2, 6:3 hasabynda rus tennisçisiniň peýdasyna jemlenipdi.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews