Russiýa Hazar deňzi arkaly ýük daşamak üçin 4 sany gämi gurar

SalamNews

Russiýa Federasiýasynyň «Lotos» Günorta gämigurluşyk we abatlaýyş merkezi maý aýynda Hazar deňzinde ýük daşamak üçin gurmagy maksat edilýän 4 sany ýük gämisiniň ilkinjisiniň gurluşygyna başlar. Häzirki wagtda gäminiň düzümini düzmek işleri alnyp barylýar. Bu barada «TASS» habarlar agentligi mälim edýär.

Mälim edilişine görä, 2025-nji ýyla çenli konteýner ýükleri daşamaga niýetlenen ýük gämileriň 4-si hem gurlup ulanmaga berler. Derýa we deňiz suw giňişliginde hereket etmäge ukyply bolan ýük gämileri halkara standartlara laýyk gelmek bilen, bir wagtda 531 konteýneri daşap biler. Konteýner ýükleri bilen birlikde, ýük gämisi gury ýükleri hem daşar.

Russiýa 2027-nji ýyla çenli Hazar deňzi arkaly ýükleri daşamak üçin 20-den gowrak ýük gämini gurmagy meýilleşdirýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews