Ronaldu AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky birinji goluny geçirdi

SalamNews

3 Oktýabr, 2023

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçadaky böleginiň ikinji tapgyrynda öz futbol meýdanynda Täjigistanyň «Istiklol» toparyny kabul etdi.

Ilki bilen myhmanlar hasaby açdylar. 44-nji minutda Kot-d’Iwuardan bolan hüjümçi Senin Sebaý tapawutlandy. Muňa garamazdan, arakesmeden soň «Al-Nasr» oýnuň depginini düýbünden üýtgetmegi başardy. 66-njy minutda klubuň portugaliýaly ýyldyzy Kriştianu Ronaldu hasaby deňledi. Soňra braziliýaly Anderson Taliksiň dubly (72, 77) bellige alyndy.

Şunlukda, duşuşyk 3:1 hasabynda «Al-Nasryň» peýdasyna tamamlandy.

 «Bütin topardan ajaýyp oýun! Aziýanyň Çempionlar ligasyndaky birinji golumy geçirmegiň meni diýseň bagtyýar etdi. Biz ýeňmegi dowam etdirýäris» — diýip, Ronaldu özüniň sosial torunda paýlaşýar.

Geçiren iki duşuşygyndan soň «Al-Nasr» çykyş edýän «E» toparçasynda ikinji orny eýeleýär. Bu topar 6 utuga eýelik edýär. Toparçada dördünji orunda barýan «Istiklolyň» bolsa bary-ýogy 1 utugy bar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews