«Altyn top» baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi

SalamNews

7 Sentýabr, 2023

Futbol äleminiň iň uly şahsy baýragy hasaplan «Ballon d’Or», ýagny «Altyn top» baýragynyň şu ýylky dalaşgärleri mälim edildi. 30 futbolçydan ybarat sanawda portugaliýaly super ýyldyz Kristianu Ronaldunyň ady ýok. Şunlukda, Ronaldu ilkinji gezek bu sanawa alynmady.

Görkezilen dalaşgärleriň arasynda geçen ýylyň ýeňijisi Karim Benzema hem bar. Şol sanda şu wagta çenli 7 gezek bu baýragy eýelän Lionel Messi hem bolup, onuň bu ýyl hem almagyna garaşylýar. Milli ýygyndysyna Dünýä Kubogyny gazandyran Lionel Messiniň bu ugurda esasy bäsdeşleri «Mançester Siti» toparyna Çempionlar Ligasyny gazandyran Erling Holann bilen Kewin de Bruýne bolar. Baýragyň ýeňijisi 30-njy oktýabrda geçiriljek dabarada mälim ediler.

 «Altyn top» baýragynyň dalaşgärleri:

Ýoşko Gwardiol («Mançester Siti»), Jamal Musiala («Bawariýa»), Andre Onana («Mançester Ýunaýted»), Karim Benzema («Al-Ittihad»), Mohamed Salah («Liwerpul»), Bukaýo Saka («Arsenal»), Kewin de Bruýne («Mançester Siti»), Jud Bellingam («Real Madrid»), Randal Kolo-Muani (PSŽ), Bernardo Silwa («Mançester Siti»), Hwiça Kwarasheliýa («Napoli»), Nikolo Barella («Inter»), Emiliano Martines («Aston Willa»), Ruben Diaş («Mançester Siti»), Erling Holann («Mançester Siti»), Ýassin Bunu («Al-Hilal»), Martin Edegor («Arsenal»), Hulian Alwares («Mançester Siti»), Ilkaý Gündogan («Barselona»), Winisius Žunior («Real Madrid»), Rodri («Mançester Siti»), Antuan Grizmann («Atletiko»), Lionel Messi («Inter Maýami»), Lautaro Martines («Inter»), Robert Lewandowski («Barselona»), Kim Min Çže («Bawariýa»), Luka Modriç («Real»), Wiktor Osimhen («Napoli»), Kilian Mbappe (PSŽ), Harri Keýn («Bawariýa»).

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews