Ronaldonyň 63-nji het-trigi

SalamNews

26 Awgust, 2023

Saud Arabystanynyň çempionaty «Saudi Pro Ligasynda» «Al Nassr» topary täze möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.

3-nji tapgyryň çäginde myhmançylykda «Al-Fateh» topary bilen duşuşan Er-riýadlylar 5-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Bu olaryň täze möwsümdäki ilkinji ýeňşi boldy. Duşuşykda Kristianu Ronaldu 3 gol geçirip, 1 goluň pasyny berdi. Ol oýnuň 38-nji, 55-nji hem-de 90+6-njy minutlarynda tapawutlandy. Beýleki 2 goly-da 27-nji hem-de 81-nji minutlarda Sadio Mane öz adyna ýazdyrdy.

Bu 3 gol Ronaldunyň karýerasyndaky 63-nji het-trigi bolup, 38 ýaşyndaky super ýyldyz soňky gezek 2019-njy ýylda 1 oýunda 3 sapar tapawutlanypdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews