Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby täze spektakl sahnalaşdyrdy

SalamNews

3 Aprel, 2023

Golaýda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda «Dawa nämeden başlandy?» ady bilen täze sahna eseri goýuldy. Ony Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Merdan Nazarow gaýtadan işläp, teatr muşdaklaryna ýetirdi.

Spektaklyň sahna bezegini suratkeş Dünýägözel Durdyýewa, saz bezegini Serdar Kerimow, yşyklandyryş bezegini Myrat Batyrow dagy ýerine ýetirdi. Sahna eseriniň awtory Taňryberdi Hojakgaýewdir.

Spektaklyň üsti bilen ula hormat goýmak, kiçini söýmek, agzybirlik, jebislik, adamlar bilen özara düşünişmeklik ündelýär. Sahnada türkmeniň oba durmuşy çeper görkezilýär. Eseriň edebi esasynda beýan edilişine görä, bir howluda iki doganyň maşgalasy ýaşaýar. Spektaklda gelinler deňsizligi ýüze çykarmak üçin ýoldaşlaryna hile guraýarlar we ahyrynda utulýarlar. Soňunda öz eden ýaňyşlyklaryna düşünen gelinler ýanýoldaşlarynyň göwünleriniň päk, arassalygyna göz ýetirýärler.

Eserde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Drama režissýory» hünäriniň talyplary Didar Annaýew — Arslanyň, Annasoltan Garlyýewa — Sülgüniň, Merdan Nazarow — Gaplaňyň, Mahym Nuryýewa — Bilbiliň, Ybraýym Durdyýew — Inerçäniň ýatda galyjy keşplerini döredýärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews