Kaşirkiniň we Nabirkinanyň döredijigi sarpalandy

SalamNews

21 Aprel, 2023

Düýn — 20-nji aprelde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň guramagynda «Saňa, eziz Aşgabat» ady bilen döredijilik sergisi açyldy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýew, Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almammedow, halypa suratkeş Möjek Çaryýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew dagy çykyş etdiler.

Aleksandr Kaşirkine we Lýudmila Nabirkine Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň adyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sergide suratkeş Aleksandr Kaşirkiniň Saragt Babaýew, Juma Jumadurdy, Çary Amangeldiýew, Petrow-Wodkin, Serebrýakowa, Wan Deýk, Maýakowskiý, Dostoýewskiý, Ž.Molýer, W.Muhadow, Şopen ýaly görnükli edebiýat we sungat ussatlaryna bagyşlan relýef portretleri görkezilýär.

Bu ýerde Lýudmila Nabirkinanyň «Güljagaz», «Mähir», «Säher», «Suwasty şalyk», «Gözellik», «Şapak» ýaly abstraksiýa eserleri, «Täze Günüň doguşy», «Agşam», «Ýalňyz tozgajyk», «Aýaz we Gün», «Irki säher», «Aşgabat. Tomus güni» ýaly, manzaradyr portret işleri, natýurmortlary-da sergilendi.

Aleksandr Kaşirkiniň we Lýudmila Nabirkinanyň döredijigine bagyşlanan sergi 10 gün dowam eder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews