Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko taryhy missiýa taýýarlanýar

SalamNews

Şu ýylyň sentýabr aýynda iki tejribeli rus kosmonawty Oleg Kononenko we Nikolaý Çub «Soýuz MS-24» kosmiki gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna gitmegi meýilleşdirýärler. Bu uçuş haýsy tarapdan seredeniňde hem möhüm bolar. 

Oleg Kononenko bäşinji gezek kosmosa uçýar we 375 gün şol ýerde geçirip, rekord eýesi hökmünde gaýdyp geler. Sebäbi ol kosmosda müň günden gowrak wagt bolan kosmonawt hökmünde taryha girer diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

70 we 71 belgili kosmos ekspedisiýasyna diňe bir rus hünärmenleri däl, eýsem NASA-nyň kosmonawty Loral O'Hara hem gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Makullanan meýilnama laýyklykda Loral O'Haranyň 2024-nji ýylyň martynda şol bir «Soýuz MS-24» kosmiki gämisinde Ýere gaýdyp gelmegi meýilleşdirilýär. Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bolsa 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli Arş giňişliginde galar we şondan soňra dolanyp gelerler.

Oleg Kononenko eýýäm 736 günden gowrak dört kosmos uçuşyny amala aşyrmagy başardy. Şeýlelikde, Oleg Kononenko taryhda müň günden gowrak orbitada galan ilkinji adam hökmünde rekordy täzelär.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Çärjew şäherinde dünýä indi.

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda rus kosmonawty Oleg Kononenko «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ada we «Altyn Aý» medalyna eýe boldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews