«Real Madrid» geçen möwsümi uly girdeji bilen tamamlady

SalamNews

19 Iyul, 2023

Ispaniýanyň «Real Madrid» topary tarapyndan klubuň geçen möwsümi maliýe babatda üstünlikli tamamlandygy habar berildi.

Çempionaty kümüş medal bilen tamamlanan «Real Madrid» topary 2022/23 möwsüminde 843 million ýewro girdeji gazandy. Bu görkeziji pandemiýa döwürlerinde gazanylan girdejiden ýokarydyr. Dünýäniň iň baý futbol klublarynyň hatarynda görkezilýän toparyň geçen möwsümde gazanan sap girdejisi bolsa 12 million ýewro deňdir. Klubuň häzirki wagtdaky bergisi-de 47 million ýewro diýlip mälim edildi. Klubuň degişli ýolbaşçylary «Real Madridiň» 558 million ýewrolyk arassa kapitalynyň, şol sanda-da gaznasynda 128 million ýewronyň bardygyny habar berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews