Finalda «Borussiýadan» üstün çykan «Real» 15-nji gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

SalamNews

2 Iýun, 2024

Madridiň «Realy» Çempionlar ligasynyň finalynda Dortmundyň «Borussiýasyny» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ýewrokubogyň geçen agşam guralan esasy duşuşygy Londonyň «Uembli» stadionynda geçdi.  

«Realyň» düzüminden Daniel Karwahal (74-nji minut) hem-de Winisius Žunior (83) tapawutlandy.

Şeýlelikde, «Real Madrid» Ýewropanyň klublarynyň iň uly ýaryşyndaky 15-nji ýeňşine ýetdi.

Gazanan ýeňişleriniň sany boýunça ikinji orunda «Milan» barýar. Italiýanyň klubunyň Çempionlar ligasynda (ýa-da Ýewropanyň çempionlarynyň Kubogynda) 7 ýeňşe eýelik edendigini ýatladýarys. Şondan soňky orunda «Bawariýa» hem-de «Liwerpul» (her biri 6 gezekden) barýar. Öňdäki bäşligi bolsa «Barselona» (5) jemleýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews