Mekdepleriň toparlarynyň küşt boýunça dünýä çempionatyna ýollanmalaryň eýeleri kesgitlendi

SalamNews

10 Iyul, 2023

9-njy iýulda mekdepleriň toparlarynyň arasyndaky küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy. Ýaryşyň birinji gününiň netijelerini biz ozal habar beripdik.

Ýaryş 12 ýaşa hem-de 18 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda ýaýbaňlandyryldy. Ýeňijiler dünýä çempionatyna gatnaşmaga ýollanma gazandylar.

Türkmenistanyň birinjiligi mekdep okuwçylarynyň ýüzüsini jemledi.

Gatnaşyjy mekdepler:

Aşgabat

  • 16, 36, 49, 87, 117 we A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebi.

Ahal

  • 7 (Gökdepe), 31 (Tejen), 27, 28 we 30 (hemmesi Bäherden).

Daşoguz

  • 7 we 10.

Lebap

  • 2, 11, 17, 24, 26, 27, 29, 30 we 41.

Mary

  • 18 we 25.

12 ýaşlylaryň arasynda birinji orny eýelemek 41-nji orta mekdebiň okuwçylaryna miýesser etdi. 26-njy orta mekdebiň okuwçylary ikinji bolsa, 2-nji orta mekdep üçünji ýere mynasyp boldy (ählisi Lebap welaýaty).

18 ýaşa çenli okuwçylaryň arasynda Türkmenabadyň 41-nji orta mekdebi hemmelerden güýçli çykdy. 27-nji orta mekdep (Lebap welýaty) ikinji orny eýeledi. 28-nji orta mekdep (Bäherden, Ahal) üçünji boldy.

Şeýlelikde, 12 hem-de 18 ýaşa çenli okuwçylardan düzülen toparlaryň ýaryşlarynyň ýeňijileri 12-nji awgustda Aktau (Gazagystan Respublikasy) mekdepleriň toparlarynyň arasynda başlanjak dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Mälikgulyýew gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews