USAID bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar

SalamNews

1 Noýabr, 2023

24 — 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda geçiren parlament işini sanlylaşdyrmak boýunça okuw-maslahatyna gatnaşdylar. Estoniýanyň, Gruziýanyň we Litwanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw-maslahaty deputatlaryň parlamentiň işini kämilleşdirmek boýunça innowasion sanly tehnologiýalar bilen tanyşmagyna mümkinçilik döretdi. Okuw-maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmak boýunça Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak bolup durýar. 

USAID Türkmenistanyň Mejlisi bilen parlament we kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasy Mejlisiň wekilleriniň altysynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna okuw saparyny gurady. Sapar elektron hökümet we elektron parlament ulgamlaryny öwrenmek üçin guraldy.

Mundan başga-da, USAID Mejlis bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hukuk esaslary we kanun çykaryjylyk usullary boýunça gollanmalary işläp düzdi. Şeýle-de, Mejlisiň agzalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen parlament diplomatiýasy we parlamentiň işiniň hukuk esaslary boýunça okuw-maslahatlary guraldy.

Hyzmatdaşlykda geçirilýän çäreler USAID-iň Türkmenistanda döwlet dolandyrylyşyny we parlament işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin berýän goldawyny görkezýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews