Uçarlar bioýangyjy çärýek asyr öň ýakyp başlar

SalamNews

1 Iyul, 2022

Ýewropadaky awiakompaniýalaryň öňünde 2050-nji ýyla çenli öz işlerini daşky gurşawa hiç hili zyýansyz edip guramak wezipesi goýuldy. Şundan ugur alyp, Ýewropa Bileleşigi birnäçe taslamalary durmuşa geçirip başlady. Şeýle wezipeleriň esasylarynyň biri hem, gazylyp alynýan energiýa serişdelerinden ýüz dönderip, daşky gurşaw üçin iň arassa ýangyç görnüşlerini ulanmak bolup durýar.

«Euronews-yň» habar bermegine görä, Fransiýanyň Lion şäheriniň aeroporty 2026-njy ýyldan öz işini daşky gurşawa 0 derejede zyýansyz edip guramagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, bu 2050-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän wezipäniň çärýek asyr öň durmuşa geçirilip başlanmagydyr.

Bu wezipäni çözmekde uçarlaryň bioýangyç esasynda işlemegini ýola goýmak esasy wezipe hasaplanýar. Bellenişine görä, ähli howa ulag serişdeleriniň bioýangyç esasynda işlemegini gazanmak degişli ugurda howanyň hapalanmagyny 90 göterim azaldar. Bu işiň üstünlikli alnyp barylmagy üçin ýakyn geljekde wodorod energiýasy bilen hereketlenýän uçarlary öndürip başlamak wezipesi goýulýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews