«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary hakynda

SalamNews

26 Awgust, 2023

«Ahal» bilen bilelikde Özbegistanyň 15-nji gezek çempiony, Saud Arabystanynyň diýseň tejribelidigine garamazdan, nobatdaky transferleri boýunça ýönekeý bolan topary hem-de BAE-niň abraýly kluby toparçadan çykmak üçin göreş alyp barar. Geliň, bu toparlar bilen ýakyndan tanşalyň!

  •  «Pahtakor» (Özbegistan)

Güýçli taraplary: «Pahtakoryň» oýunçylary tehnikanyň ýokary derejesine, taktiki guramaçylyga hem-de fiziki taýýarlyga eýelik edýärler. Topar hüjüm oýny, howply pursatlary döretmek başarnygy bilen meşhurdyr.

Oýunçylar: «Pahtakoryň» netijeli oýunçylary az däl. Şolaryň hatarynda serbiýaly hüjümçi, toparyň kapitany Çeran Dragony görkezmek bolar. Bu oýunçy 2023-nji ýylda «Pahtakor» üçin 19 duşuşyk geçirip, 14 gola awtorlyk etdi, 4 gezek bolsa assist etmegiň hötdesinden geldi.  

Mundan başga-da, Özbegistanyň ýygyndy toparyndan Azizbek Turgunbaýew sag ganatdaky hüjümde bolup, öz ýokary derejedäki tehniki endikleri tapawutlanýar. Şu tomus özbek kluby gollandiýaly goragçy — «Feýenordyň» futbol akademiýasyndan çykan Stenworden bilen goragyny güýçlendirdi. 

1956-njy ýylda esaslandyrylan «Pahtakor» tejribeli oýunçylaryň hem-de ýaş zehinleriň deňagramlylygyny özünde jemleýän düzüme eýelik edýär. Toparda ýerli futbolçylar bilen birlikde, daşary ýurtly oýunçylar hem bar.

Eýe bolan baýraklary: 15 gezek Özbegistanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň (13) we Superkubogynyň (2) eýesi.

 «Al-Feýha» (Saud Arabystany)

Güýçli taraplary: 2021/22-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Korolyň kubogynyň eýesi bolan «Al-Feýha» Saud Arabystanynyň iň tejribeli klublarynyň biridir. Soňky pursatlara çenli göreşmegi hem-de gorag oýnunyň deňagramly alnyp barylmagy toparyň tapawutly aýratynlygydyr. Şu ýyl El-Majma şäheriniň kluby Ronaldunyň çykyş edýän «Al-Nasr» topary bilen deňme-deň (0:0) oýnady we «Al-Hilýalyň» garşysyna ynamly oýun (1:1) görkezmegi başardy.    

Oýunçylar: 1953-nji döredilen «Al-Feýhanyň» uly ýaşly daşary ýurtly oýunçylary, esasan hem, Nigeriýadan bolan futbolçylary bolan düzümi bar.  Toparyň esasy bölegi Saud Arabystanyndan bolan futbolçylardyr. Toparyň dürli oýun stillerine uýgunlaşmak ukyby bar.

Nigeriýaly hüjümçi Entoni Nwakaeme — toparyň iň gowy oýunçylarynyň biri. Ol gowy tehnikasy bolan futbolçy. Ganatdan topy geçirmekdäki, topardaşlaryna pas bermekdäki hem-de jemlemedäki ussatlygy zehinli oýunçyny tapawutlandyrýan taraplardyr. Ol 2018-nji ýyldan «Trabzonsporda» (Türkiýe) çykyş edip başlady. 2021/22-nji ýyllaryň möwsüminde Türkiýäniň Superligasynyň çempiony boldy. Şondan soň «Al-Feýha» toparyna geldi.

Toparda başga-da täze nigeriýaly futbolçylar çykyş edýär. Bu ugurda «Olimpiakosda» (Gresiýa), «Monakoda» (Fransiýa), «Galatasaraýda» (Türkiýe), «Ewertonda» (Angliýa) we Ýewropanyň beýleki klublarynda çykyş eden Genri Onýekuru aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Onuň bilen bilelikde ilkinji iki duşuşygyny geçiren Feşn Sakala eýýäm gollaryň ikisine awtorlyk etmäge ýetişdi. Bu futbolçy «Reýnjersden» (Şotlandiýa) geldi.

Eýe bolan baýraklary: 2021/22-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Saud Arabystanynyň Korolynyň kubogyna eýe boldy.

  •  «Al-Aýn» (BAE)

Güýçli taraplary: Häzirki wagtda BAE-niň abraýly klublarynyň biri bolan «Al-Aýn» taktiki tarapdan ýokary derejedäki oýnuny görkezmegi başarýar. Galyberse-de, mundan beýläk Ýewropada baý tejribe toplan gollandiýaly hünärmen Alfred Şrederiň tälim berip başlamagy toparyň has-da kämilleşmegine esas bolup biler.

50 ýaşly Şreder Niderlandlaryň «Aýaks», Belgiýanyň «Brýugge» toparlarynyň tälimçisi hem-de Katalonyň «Barselonasynyň» baş tälimçisiniň kömekçisi hökmünde zähmet çekipdi.

Oýunçylar: Ýarymgoragyň hem-de hüjümiň  esasy bölegini daşary ýurtly futbolçylar — Afrikadan hem-de Latyn Amerikadan bolan oýunçylar düzýär.

Toparyň täze futbolçysy — paragwaýly Alehandro Romero bu ýerde ilkinji goluny geçirdi. Alfred Şrederiň tälim berip başlamagy bilen toparyň AFK-nyň Çempionlar ligasyna çenli transfer bazarynda işjeňlik görkezmegine garaşylýar.

Düzüminde tejribeli futbolçylaryň hem-de ýaş arap oýunçylarynyň ýeterlik bolmagy «Al-Aýnyň» BAE-niň çempionatynda ýeňşe esasy dalaşgärleriň hataryna goşulmagyny şertlendirýär.

Eýe bolan baýraklary: BAE-niň Pro-ligasynyň çempiony (14 gezek), ýurduň Kubogynyň eýesi (7), Superkubok (5), liganyň Kubogy (2) we AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi.

«Ahal» bu garşydaşlary bilen şu ýylyň 18-nji sentýabry — 13-nji dekabry aralygynda duşuşar. Türkmen kluby toparçada 6 duşuşyk (üçüsi ýurdumyzda, üçüsi bolsa myhmançylykda) geçirer.

Biz şol duşuşyklaryň geçiriljek senelerini hem-de wagtyny hem janköýerlere ýetireris.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews