Iş maslahaty: oba hojalyk meseleleri, öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk

SalamNews

29-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenişi ýaly, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda ideg etmek işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, gögeriş we ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkimler welaýatlarda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenişi ýaly, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işlerine toplumlaýyn, jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews