Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

SalamNews

19 Dekabr, 2023

Şu gün — 18-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Häkimler welaýatlaryň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegini, şeýle hem ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suw bilen üpjün etmek boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hem aýdyldy.

Häkimler Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde welaýatlaryň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, welaýatlardaky edara-kärhanalarda işgärleriň aýlyk zähmet haklaryny tölemek ugrunda zerur işleriň geçirilýändigi barada hem hasabatlarda bellediler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, gowaça meýdanlarynyň geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýar edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär.

Şunuň bilen birlikde, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak hem-de olary talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň ekişe talabalaýyk taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews