Türkmenistanyň daşary işler ministri Birleşen Arap Emirlikleriniň diplomaty bilen duşuşdy

SalamNews

11-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BAE-niň diplomaty, ilçi Mohamed Said Mohamed Al Ariki bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Degişli meseleleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Komitetiň nobatdaky mejlisini meýilleşdirilişi ýaly, 2022-nji ýylyň dowamyna Abu-Dabi şäherinde geçirmegiň meselelerine garadylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews