R.Meredow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky täze wekili bilen energetika taslamalaryny maslahatlaşdy

SalamNews

23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze direktory Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçilikleriniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, sebit we halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze direktoryny gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews