Raşid Meredow Aşgabada gelen BAE-niň energetika we infrastruktura ministri bilen duşuşdy

SalamNews

13-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi. TDIM-iň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Raşid Meredow we Suheil Al Mazrui energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan amatly mümkinçilikleri belläp geçdiler. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşy we energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmek maksady bilen, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada maslahatlaşyldy.

Ministrler «ýaşyl» ykdysadyýetiň ähmiýetini bellemek bilen, bu ulgamda bilermenleriň bilimlerini we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly energiýany ulanmak boýunça pikir alyşdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews