Putin Türkmenistana täze ilçi belledi

SalamNews

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana täze ilçi belledi. Bu barada TASS habarlar gullugy ýazýar.

«Wolynkin Iwan Kirillowiçi Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli» diýlip, kararda bellenýär.

Wolynkin 1959-njy ýylda Moskwada dogulýar. Ol SSSR-iň Daşary işler ministrliginiň (häzirki Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň MDHGI) Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklar institutyny (MDHGI) tamamlaýar. 1981-nji ýylda diplomatik gulluga başlaýar. 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli Russiýanyň Ermenistandaky diplomatik missiýasyna ýolbaşçylyk edýär. 2018-nji ýylyň iýun aýynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk departamentiniň müdiri wezipesine bellenýär.

Russiýanyň häzirki ilçisi Aleksandr Blohin 2011-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistana ilçi wezipesine bellenipdi. Rus diplomaty 1992-nji ýyldan bäri Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde işläp gelýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews