«PSŽ» ýene-de uly zyýana galdy

SalamNews

29 Iýun, 2022

«Foot Mercato» saýty «L’Equipe» gazetine salgylanyp, Fransiýanyň çempiony «PSŽ-niň» möwsümi maliýe babatda uly zyýan bilen tamamlandygyny habar berdi. Habarda klubuň 200-300 million ýewro aralygynda zyýan çekendigi beýan edilýär.

Klub 2020/21 möwsüminde 225 million ýewrolyk zyýana galypdy. Maliýe «Fair-Play» düzgünlerine gabat gelmeýän transferler sebäpli klubuň şeýle zyýan çekýändigi hem habarda bellenýär. Muňa mysal hökmünde-de Kilian Mbappeniň transferi agzalýar. Resmi däl maglumatlara görä, «PSŽ» toparynyň Mbappeni klubda alyp galmak üçin umumylykda 600 million ýewro harçlandygy aýdylýar. Bu ýagdaý UEFA-nyň nazaryndan sypmaýar. Maliýe «Fair-Play» düzgünlerine gabat gelmedik ýagdaýynda «PSŽ-niň» Ýewrokuboklardan daşlaşdyrylyp bilinjekdigi hem agzalýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews