Uçurym okuwçylaryň arasynda fizika boýunça Internet olimpiadasy geçirildi

SalamNews

6 Maý, 2023

4-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň guramagynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda fizika dersi boýunça Internet olimpiadasy geçirildi.

Olimpiada ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň her etrabyndan (welaýatlaryň etrap derejeli şäherlerinden), şeýle hem Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan bäsleşik esasynda saýlanylan 1 okuwçy gatnaşdy.

Okuwçylar bu bäsleşige Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň www.tituki@.edu.tm web saýtynyň binýadynda onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Olimpiada gatnaşmak üçin ZOOM ýa-da Google Meet wideoçatyň salgysy olimpiada güni sagat 14:00-da, ýerine ýetirilmeli ýumuşlar bolsa sagat 15:00-da ýokary okuw mekdebiniň saýtynda goýuldy.

Olimpiadada orta mekdebiň fizika dersiniň maglumatlaryna daýanýan 5 sany meseledir mysallar hödürlenip, olary ýerine ýetirmek üçin 150 minut wagt berildi. Ýumuşlar okuwçylar tarapyndan ýerine ýetirilenden soň, jogapkär mugallymlar berlen 50 minudyň dowamynda çözülen mysaldyr meseleleri web kameranyň öňünde skanirläp, «pdf» görnüşe geçirdiler we degişli salga ugratdylar. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, 57 okuwçynyň 20-si ýeňiş gazandy. Olaryň 4-si 1-nji, 7-si 2-nji, 9-sy bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews