TSTB-niň agzalarynyň sergisi dowam edýär: täze önümler, döwrebap hyzmatlar

SalamNews

Düýn — 18-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda guralan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergä baryp gördi we türkmen telekeçileriniň işine ýokary baha berdi. Şu gün hem sergi dowam edýär. Onda täze önümlerdir hyzmatlaryň dürli görnüşleri tanyşdyrylýar.

«Daýhan sarpasy» ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini ýetişdirýär

«Daýhan sarpasy» daýhan hojalygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergä gatnaşýar. Onuň diwarlygynda daýhan hojalygynyň guşçulyk we maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhana hojalygy, miweli bagçylyk we şitilçilik boýunça alyp barýan giň gerimli işleri tanyşdyrylýar.

«Daýhan sarpasy» ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini terligine we täzeligine halkymyza hödürleýär.

«Maýam» paýtagtymyzdaky sergide himiki arassalaýyş hyzmatlaryny tanyşdyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşýanlaryň arasynda «Maýam» kompaniýasy hem bar. Ol paýtagtymyzyň we onuň töwereginiň ýaşaýjylary üçin ýokary hilli himiki arassalaýyş hyzmatlaryny hödürleýär.

Kärhana dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, arassalaýan eşikleriniň asyl hilini saklaýar we ony ýokary derejede tämizleýär. Şeýle-de «Maýam» kompaniýasynda arassalanan egin-eşikleri eltip bermek hyzmaty göz öňünde tutulan. Şeýle-de kärhana müşderilerini höweslendirmek üçin ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda sowgatly ballary berip başlady. Siz kompaniýanyň hyzmatlaryndan yzygiderli peýdalanyp, ballary jemläp, uly arzanladyşlardan peýdalanyp bilersiňiz.

«T-craft» haryt nyşanly deri önümlerine gyzyklanma artýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän sergide telekeçi Kadyr Hojatowyň «T-craft» haryt nyşanly, ýokary hilli deri önümleri uly gyzyklanma eýe boldy. Bu ýerde telekeçiniň dürli görnüşli we göwrümli, 100 göterim deriden öndürilen aksessuarlary görkezilen.

«T-craft» önümleri sargytlara görä-de taýýarlanýar, ýagny arassa deri önümlerine ýakynlaryňyzyň ýa-da kompaniýaňyzyň atlaryny hem ýazdyryp bilersiňiz. Bu haryt nyşanly täze önümler bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergide, «T-craftyň» sosial torlardaky sahypalarynda we «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezindäki dükanynda tanşyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews