Wýetnamyň Prezidenti wezipesinden çekildi

SalamNews

19 Ýanwar, 2023

Wýetnamyň Prezidenti Nguen Suan Fuk döwlet Baştutany wezipesinden çekilip, pensiýa çykdy — diýip, euronews.com saýty ýazýar.

Habar saýty Nguen Suan Fukuň 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda Premýer-ministr bolup işländigini we 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinden bäri Wýetnamyň Prezidenti wezipesini eýeläp gelýändigini belläp geçýär.

Bulardan başga-da, Nguen Suan Fukuň ýurduň Baştutany bolan döwründe Wýetnamy ykdysady taýdan ösdürendigi nygtalýar. Wýetnamyň 141 ýurdy öz içine alýan Bütindünýä ykdysady forumynyň dünýä bäsdeşlik ukyby indeksinde 77-nji orundan 67-nji orna çykandygy habarda bellenýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews