Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

SalamNews

16-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda, ilki bilen, sebitleriň häkimleri welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsümine görülýän taýýarlygyň derejesi, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hasabatynyň dowamynda döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň suw üpjünçiligini nazara alyp, sebitde gowaça ekişini gysga möhletlerde doly tamamlamak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada maglumat berdi.

Wise-premýer pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 576 tonnadan gowrak piläniň tabşyrylandygyny we bu ugurda bellenen meýilnamanyň 25,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Häzirki döwürde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pile tabşyrmak işleri dowam edýär. Balkan, Daşoguz welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg işleri alnyp barylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews