Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri bilen duşuşdy

SalamNews

7 Ýanwar, 2023

6-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy. Li Kesýan belent mertebeli myhmany mübärekläp, Hytaýda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň şu gezekki saparyna iki halkyň dostlugyny pugtalandyrmakda ädilen möhüm ädim hem-de döwletara gatnaşyklaryň taryhyndaky täze sahypa hökmünde garalýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwaty bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy.

Türkmenistan hem-de Hytaý Halk Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar we beýleki birnäçe ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň işine aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny nazara almak bilen, komitetiň nobatdaky mejlisini taýýarlamak we geçirmek teklip edildi.

Duşuşykda hytaý kompaniýalarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri bellendi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews