Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

SalamNews

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna tarap ugur aldy. Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanynyň ýanyna gondy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow we Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew mähirli garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen, gözüňi dokundyrýan bugdaý başlarynyň tolkun atýan meýdanlaryny, şeýle hem galla oragyna girişmek üçin bu ýerde hatara düzülen kombaýnlary synlady.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany G.Amanmyradow bilen söhbetdeş boldy.

Hormatly Prezidentimiz daýhanyň iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.

Zähmetsöýer gallaçy 23 ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, şu ýyl 25 gektar meýdandan 112,5 tonna bugdaý hasylyny almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, iň esasysy bolsa, daýhan zähmetiniň höweslendirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň elmydama gözegçilikde saklanjakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz daýhana alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi we ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goşýan goşandyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa sowgatlaryny gowşurdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçiniň haýyşy boýunça «Bismilla» diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi hem-de bol hasyl öndürmegi arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory S.Ödäýew bilen gürrüňdeş bolup, onuň iş şertleri we tejribesi, maşgala ýagdaýy, bugdaý meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.

Mehanizator döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, döwrebap tehnikalar, oba hojalyk gurallary bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalary, netijeli işlemek hem-de ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz çekýän asylly zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde mehanizatora öz sowgatlaryny gowşurdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynda netijeli iş alyp barýan «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Amanmämmedow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde obasenagat toplumyna hususyýetçiligiň işjeň çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi we telekeçileriň iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olara döwletimiz tarapyndan zerur goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini nygtady.

Şeýle hem bu ýerde gök, bakja we miwe önümleriniň, dänelik ekinleriň tohumlarynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi guraldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews