Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarynyň häkimliklerinde işgärleriň ýerlerini üýtgetdi

SalamNews

5 Sentýabr, 2023

4-nji sentýabyrda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň welaýatlarynyň häkimlikleri bilen baglanyşykly birnäçe permanlara gol çekdi.


Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary S.Çopanowy etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy hem-de Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine R.Jumaýewi belläp, degişli resminamalara gol çekdi.


Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, A.Esenowy Balkan welaýatyň Esenguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä S.Hojaýewi belledi hem-de ony welaýatyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, R.Nuryýewi welaýatyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä D. Meredowy belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekdi.


Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň barşynda pensiýa gitmegi sebäpli, B.Gylyjowy Daşoguz welaýatyň Akdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ş.Annaýewi belledi hem-de ony welaýatyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, W.Meretamanowy Akdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Babajykowy belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary M.Atakeýewi etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyp, Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesine G.Muhammedowy belledi we degişli resminamalara gol çekdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow H.Hojageldiýewi Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi hem-de degişli resminama gol çekdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews