Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň býurosynyň sebitleýin direktoryny kabul etdi

SalamNews

Şu gün — 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA agza ýurtlary boýunça býurosynyň sebitleýin direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda daşky gurşawy aýawly saklamagyň Türkmenistanda alnyp barylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde ileri tutulýan ugurlaryň biridigi barada aýdyldy. Şeýle-de ýurtda Tebigaty goramak boýunça Milli strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi we Türkmenistanyň bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalara aýratyn üns berildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews