Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda geçiriljek COP28 maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy

SalamNews

BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli Türkmenistanyň DIM-niň Aşgabatda ýerleşen edara binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji W. Hajyýew bilen duşuşdy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.  

Duşuşygyň barşynda Ilçi Wepa Hajyýewe BAE-niň Prezidenti Şeýh Muhammed ben Zaýed Al Nahaýýanyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň adyna iberen hatyny gowşurdy. Hat bilen bilelikde COP28-e gatnaşmak baradaky çakylyk gowşuryldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Konferensiýasy ýa-da COP28 hökmünde has meşhur bolan BMG-niň 2023-nji ýylyň RKIK Taraplar Konferensiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça 28-nji konferensiýasy bolup, ol 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabry aralykda Dubaýda, Ekspo-Sitide geçiriler. Forum 1992-nji ýylda BMG-niň howa boýunça  ilkinji ylalaşygyna gol çekilen pursatyndan bäri her ýyl geçirilýär.

Şeýle hem taraplar ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews