Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine Gutlag iberildi

SalamNews

25 Sentýabr, 2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine Gutlag iberdi. Gutlag hatynda şeýle bellenilýär:

Sizi baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde üstünlikleri arzuw edýärin.

Gadyrly medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleri!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.

Häzirki döwürde Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de welaýatlarda iri möçberli gurluşyklar alnyp barylýar, täze medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, senagat, önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary halkymyzyň bagtyýar durmuşda, bolelin ýaşamagy, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň, önümçiliginiň çalt we durnukly ösmegi üçin amatly şertleri döredýär. Agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, bedew batly Diýarymyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmäge, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, döredijilik işgärleriniň döwrebap eserleri döretmekleri üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň döwrebap ösüşleri bagtyýar raýatlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda, medeni-ahlak gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda, halkymyzyň ruhy bitewüligini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly adamlar!

Şu günler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Döredijilikli we yhlasly zähmet çekip, belent sepgitlere ýetýärler. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlyk arzuwyndan wysal bolan Garaşsyzlyk bu günki gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllarynda ýurdumyzyň ýeten belent derejesini, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň gadyr-gymmatyny ýaýmaga ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, bagşy-sazandalar, artistler, medeni aň-bilim edaralarynyň işgärleri uly goşant goşýarlar.

Biz milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmekde, täze eserler bilen baýlaşdyrmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine aýratyn ähmiýet berýäris. Bu döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän goşgular, poemalar, makalalar, hekaýalar, kitaplar, aýdym-sazlar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, sahna oýunlary medeniýet ulgamynyň döwrebap ösüşlerini alamatlandyrýar. Döredijilik işgärleriniň döredýän her bir kämil eseri ajaýyp döwrümiziň ruhy baýlygydyr.

Gadyrly döredijilik işgärleri!

Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, dana şahyra goýulýan hormat-sarpany has-da belende götermek hem-de onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyzy höweslendirmek maksady bilen, ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigi yglan etdik. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän bu bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň edebiýata, sungata bolan söýgüsini has-da artdyrjakdygyna, beýik ynsanperwer şahyrymyza bagyşlanyp täze, kämil eserleriň döredilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn. Geljek 2024-nji ýylda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň gerimini has-da giňeldip, ony ähli ýaşdaky raýatlaryň arasynda geçirmegiň hem-de akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde jemlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

Hormatly medeniýet we sungat ussatlary!

Sizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews