Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi gutlady

SalamNews

27 Iýun, 2022

Prezident Serdar Berdimuhamedow Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Gutlag iberdi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, medeni aň-bilim edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, medeniýet öýleriniň we beýleki medeni merkezleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli tagallalar edilýär.

 «Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir» diýip, döwlet Baştutany «Berkarar döwlet islärin» diýip, halkyň parahat durmuşyny, döwletiň berkararlygyny arzuwlan akyldar şahyryň döwletlilik hakyndaky arzuw-islegleriniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulus-ilimize serpaý beren döwletli döwranynda hasyl bolandygyny belleýär.

«Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge döwletimiz tarapyndan uly taýýarlyk görülýär» diýlip, Gutlagda bu toýuň türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent hormat-sarpasynyň, dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynam bildirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews