Serdar Berdimuhamedow Filippinleriň Prezidentini gutlady

SalamNews

1-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Ferdinand Romualdes Markosa Filippinler Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ferdinand Romualdes Markosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Filippinler Respublikasynyň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews