Uçurymlary işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi

SalamNews

24 Iýun, 2023

“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 1113-nji Karary bilen tassyklanan Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews