Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherine täze ulaglary sowgat berdi

SalamNews

16-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Bu mejlisden soňra döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň sanly mümkinçilikleriniň üstüni ýetirjek täze, döwrebap elektroulaglary şähere sowgat berdi. Hormatly Prezidentimiz elektromobilleriň hem-de elektrobuslaryň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli ulaglaryň açarlaryny Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe gowşurdy.

Häkim Arkadag şäheriniň ähli agzybir işgärleriniň adyndan ýurt Baştutanlaryna özüniň hoşallygyny bildirdi hem-de şeýle Şa serpaýy üçin köp sagbolsunlaryny aýtdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews