Jozef Baýden Türkmenistanyň üçünji Prezidentini gutlady

SalamNews

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny ýollady.

Hatda şeýle diýilýär:

«Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň üçünji Prezidenti bolandygyňyz mynasybetli, Size, Siziň maşgalaňyza we ýurduňyzyň halkyna şatlykly hem-de abadan Nowruz baýramyny arzuw edýärin. Parahatçylygyň we täzelenişiň şu gününde Birleşen Ştatlarda we Ýer ýüzünde köp adamlar bu ajaýyp baýramy bellemek üçin Size goşulýarlar.

Şu ýyl ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Diwanymyň işgärleri Siziň ýurduňyz bilen howpsuzlyk babatda umumy maksatlara ýetmek, Owganystanyň terrorçylar üçin gaçybatalga bolmazlygy hem-de metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda umumy maksatlara ýetmäge, şeýle hem biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ilerletmek, Hazar energetikasyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlerimiziň dowam etdirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!».

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews