Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

SalamNews

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimize Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, ilçi döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ilçini mähirli mübärekläp, baýramçylyk mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi we hanym Beata Peksany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolandygy nygtaldy we şol geçen ýyllaryň dowamynda däp bolan dostlukly gatnaşyklar özara ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürildi. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň has işjeň häsiýete eýe bolýandygy aýratyn bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen bolan duşuşygynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň bolandygyny, şunda özara gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Ulag ulgamy, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşinde yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, kanun çykaryjylyk ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň arasynda parlamentara dialog ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylym-bilim, ekologiýa, kanunçylygy kämilleşdirmek, energetika we beýleki ulgamlarda Ýewropa Bileleşiginiň tehniki taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Beata Peksa Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews