Türkmenistanyň 4 welaýatynda 24-nji, Daşoguzda bolsa 29-njy martda gowaça ekişine girişiler

SalamNews

17-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer A.Ýazmyradow döwlet Baştutanyna ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň pagtaçylarynyň durmuşynda möhüm möwsümiň — gowaça ekişiniň golaýlap gelýändigini nygtady hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda — anna güni, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda — çarşenbe güni gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

«Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun!» diýip, döwlet Baştutany ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews