Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidentini Mongoliýa sapara çagyrdy

SalamNews

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Mongoliýa sapara çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen Gutlag hatynda aýdylýar.

Hususan-da, onda şeýle diýilýär:

Hormatly jenap Prezident!

Mongol halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi we dostlukly türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Jenap Prezident, biz Siziň bilen dostlukly ýagdaýda 2022-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda hem-de 2023-nji ýylda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Çarlz III-ä täç geýdirmek dabarasy mahalynda duşuşdyk. Siziň bilen ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada netijeli pikir alyşmaga dörän mümkinçilige şatdyryn.

Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, geçen 30 ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň sebit we halkara giňişlikde yzygiderli ösdürilýändigini bellemek ýakymlydyr. Jenap Prezident, halklarymyzyň bähbidine Siziň bilen mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge hem-de sebitde parahatçylyga, rowaçlyga ýardam bermäge meýillidigimi beýan edýärin.

Jenap Prezident, Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin Sizi biziň ajaýyp ýurdumyzda kabul etmäge şatdyryn. Hormatly jenap Prezident, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek we ösdürmek hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň täze taryhy sahypasyny açmak üçin Sizden özüňiz üçin amatly wagtda Mongoliýa gelmek baradaky çakylygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň parasatly we başarnykly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny dowam etdirip, Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşine saldamly goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews